Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Geydar Aliýew merkezinde Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýakyndan goldaw bermeginde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň resmi açylyş dabarasy geçirildi.
Azerbaýjanyň resmi habarlar gullugynyň habar bermegine görä, açylyş dabarasynda çykyş eden medeniýet ministriniň orunbasary Murad Guseýnow Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmeginden hoşal bolandygyny beýan etdi. Ol Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň halklaryny umumy taryh, medeni kökler we durnukly dostluk gatnaşyklary birleşdirýändigini nygtady.
Ministriň orunbasary iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň halklaryň has ýakyndan tanyşmagy, özara medeni alyş-çalyşygy giňeltmek we geljekde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin amatly şert döredýändigini belledi.
Öz gezeginde, Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini belledi. Onuň bellemegine görä, Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi halklarymyzyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmäge hyzmat edýär. Ol medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has-da giňeldiljekdigine umyt bildirdi.
Soňra myhmanlar türkmen halkynyň baý medeni mirasyny görkezýän surat sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň saz sungatynyň nusgalary, milli geýimleri, amaly-haşam sungatynyň eserleri we muzeý gymmatlyklary görkezildi.
Soňra konsert maksatnamasy hödürlendi. Çäräniň çäginde türkmen tanslary we aýdym-sazly çykyşlary görkezildi.
Türkmenistanyň Medeniýet günleri 15-nji oktýabra çenli dowam eder we bu çäreler Bakuda hem-de Genje şäherlerinde geçiriler.