MEDENIÝET

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Azerbaýjanda ýakyn günlerde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada “Report” agentligi habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gabalada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna (TDG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň 12-nji sammitinde eden çykyşynda bu barada habar berdi.

Milli Liderimiziň belelýşi ýaly, iki halkyň halyçylyk sungatyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar:

– Biz gadymy atçylyk sungatyny, aýratyn-da ahalteke we garabag atlaryny ösdürmek ugrunda işleýäris. Türkmenistan hemişe TDG ýurtlary bilen ýokary derejeli gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyr — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy