2024-nji ýylyň 29-31-nji maý aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň Magtymguly Pyragy türkmen edebiýaty Merkeziniň açylyş dabarasyna we ugurdaş çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde iş saparynda boldy.
2024-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuli adyndaky gol ýazmalar institutynda boldular. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirow bilen Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Muhammet Fizuli adyndaky gol ýazmalar institutynyň direktory Teýmur Kerimliniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi we geljekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary barada soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şonuň ýaly-da, türkmen wekiliýetini bu institutda gymmatly hazyna hökmünde saklanýan Gündogaryň akyldar-şahyry Magtymguly Pyragynyň üç sany gol ýazmalary bilen Institutyň ylmy işgärleri tanyşdyrdylar we gol ýazmalaryň tapylyşynyň taryhy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň ahyrynda däp bolan, türkmen wekiliýetiniň adyndan azerbaýjan tarapyna sowgatlar gowşuryldy.
