2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynda boldular. Şol ýerde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibbeýliniň arasynda, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasowyň hem gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar häzirki medeni-ynsanperwer ugur boýunça hyzmatdaşlyga, şol sanda ylym-bilim babatda bilelikde alnyp barylýan işlere uly baha berdiler we mundan beýläk hem ylym-bilim babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilen işleri alyp barjakdyklary barada gepleşikler geçirdiler. Duşuşygyň ahyrynda däp bolan, türkmen wekiliýetiniň adyndan azerbaýjan tarapyna sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle hem şol gün, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Isa Habibbeýliniň, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasowyň, edebiýatçy-alymlaryň, mugallymlaryň, talyp-ýaşlaryň, öwrenijileriň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň Magtymguly Pyragy türkmen edebiýaty Merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşyjylar Merkezde ornaşdyrylan beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň şekilleri, esbaplary, ýakynda Aşgabadyň günorta böleginde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň beýikligi 60 metr bolan ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyşy bilen giňden tanyşdylar.

Şeýle hem, bu dabara mynasybetli oňa gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň binasynda gurnalan uly kitap sergisi bilen hem tanyş boldular. Bu ýerde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti S.Berdimuhamedowyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy G.Berdimuhamedowyň türkmen halkyna peşgeş beren giň manyly eserleri, türkmen edebiýatynyň we sungatynyň dürli mazmunly kitaplary, türkmeniň milli gymmatlygyny görkezýän onlarça kitaplar sergi edildi. Serginiň çäklerinde “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçýän türkmen nusgawy şahyrynyň 300 ýyllygynyň dabaraly belleniýän ýylynda Türkmenistanda täze çapdan çykan “Magtymguly” kitabynyň tanyşdyryş dabarasy hem guraldy. Ondan başga-da Türkmenistanda we dünýäde giňden bellenilýän Magtymguly Pyragynyň toý-dabaraly ýylynda doganlyk azerbaýjan halkyndan türkmen halkyna sowgat hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň uly ylmy işgäri Ismihan Osmanlynyň Magtymguly Pyraga bagyşlap täze çykaran “Poemalar” kitaby, azerbaýjan meşhur taryhçysy we publisisti Teýmur Ataýewiň Magtymguly Pyragynyň atasy Döwletmämmet Azada bagyşlap ýazan kitaby “Wagzy-Azat: düýn, şu gün, ertir” atly kitaby hem köpçülige tanyşdyryldy.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky edebiýat institutynyň mejlisler zalynda Magtymguly Pyraga bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahatda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiliginden başlap, şu günki günde Türkmenistanda bolşy ýaly, Azerbaýjanda hem türkmen şahyrynyň işleri ylmy taýdan öwrenilýändigi, onuň döredijiligi ähli gatlaklarda uly gyzyklanma bilen okalýandygy barada çykyşlar edildi.
Şolnuň ýaly-da, şol gün Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň öňündäki seýilgähde geçirilen Türk dünýäsiniň III-nji edebiýat we kitap festiwalynyň çäklerinde, Azerbaýjanda 30 maý 2024 ýyl türkmen edebiýatynyň güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli çärelere hem gatnaşdy. Bu çäreler Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti, Türkmenistanyň “Altyn Asyr” medalynyň eýesi Gülýanak Mamedowanyň konserti bilen ýaýbaňlandyryldy we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ýanyňa geldim”, şeýle hem “Arkadagly Serdarymyz”, “Küştdepti”, “Bilezik” türkmen aýdymlary ýerine ýitirildi.
Şeýle hem, şol gün agşam Magtymguly Pyragynyň 300-ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy resmi kabul edişlik gurnady. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, Milli Mejlisiň deputatlary, dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, Azerbaýjanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Bu resmi kabul edişligiň öň ýanynda Azerbaýjan Respublikasynyň 1-nji çagalary we ýaşlary kämilleşdirmek Merkeziniň suratkeş çagalary tarapyndan “Magtymguly Pyragy” we “Türkmenistan” mowzuklarynda çekilen suratlaryň sergisi gurnaldy. Bu suratlary çeken azerbaýjan çagalaryna türkmen wekiliýetiniň adyndan dürli sowgatlar gowşuryldy.

2024-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynyň Baku Döwlet uniwersitetinde boldular. Bu ýerde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdy Aşirow bilen Baku Döwlet uniwersitetiniň rektory Elşan Babaýewiň arasynda, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçisi Gurbanmämmet Elýasowyň hem gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar bilim babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we şol sanda ýakyn geljekde Baku Döwlet uniwersiteti bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada gepleşikler geçirdiler. Duşuşygyň ahyrynda däp bolan, türkmen wekiliýetiniň adyndan azerbaýjan tarapyna sowgatlar gowşuryldy.
Ondan soňra Baku Döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda bu uniwersitetiň professor-mugallymlary we Türkmenistandan bolan talyplarymyz bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda esasan, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” we “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze eserleriniň tanyşdyrylyşy edildi. Duşuşyga gatnaşyjylara, aýratyn hem bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplaryna kitaplaryň oňyn many-mazmuny barada, has takygy Döwlet Baştutanymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri ýaş nesle aýratyn üns bermegi, Ýurdumyzda olara geljek üçin uly bil baglanylýandygy, gadymy Änew şäherimiziň “2024-nji ýylda Türk dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilendigi, onuň taryhy ähmiýetiniň we manysynyň ulydygy jikme-jik düşündirildi.
