MEDENIÝET

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Aşgabatda “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalyna gatnaşdy

Azerbaýjan Respublikasynyň at gazanan artisti Saida Şerifaliýewa Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk sazy” halkara festiwalynda biziň ýurdumyza wekilçilik etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi.

Türkmenistanyň Medeniýet Ministrligi tarapyndan guralan we Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan goldanylan bu abraýly festiwal nusgawy aýdym-saz ulgamynda dürli milli aýdym-saz ugurlaryna wekilçilik edýän ýerine ýetirijileriň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny ýola goýmaklygy, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekligi we nusgawy saz sungatyny ösdürmekligi maksat edinýär.

Çärä opera aýdymçylary, nusgawy saz gurallaryny ýerine ýetirijiler, şeýle hem trio, kwartet we kwintetden ybarat aýdym-saz toparlary gatnaşdy.

Azerbaýjana mynasyp wekilçilik eden Saida Şerifaliýewanyň çykyşy festiwala gatnaşyjylar we guramaçylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen garşylandy.

Onuň ýerine ýetirmegindäki nusgawy aýdym-saz eserleri Azerbaýjanyň baý medeniýetini we aýdym-saz däplerini açyp görkezdi.

Şeýle hem, sungat ussady Azerbaýjan Prezidentiniň Karary bilen Azerbaýjanda we bütin dünýäde doglan gününiň 140 ýyllygy bellenilýän beýik kompozitor Uzeýir Hajibeýliniň eserleri bilen ýerine ýetirem aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan aýratyn gyzyklanma bilen garşylandy.

At gazanan artist Saida Şerifaliýewanyň ýerine ýetirmeginde Uzeýir Hajibeýliniň “Arşin Mal Alan” operasyndan “Gülçohranyň ariýasy” we Türkmenistanyň meşhur wokalisti Mansur Şerifow bilen birlikde ýerine ýetirilen “Asker we Gülçohra” dueti has uly gyzyklanma bilen garşylandy.

Konsert muşdaklarynyň arasynda bolan Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işgärleri we maşgala agzalary hem bardy we olar çäräniň ahyrynda Saida Şerifaliýewa bilen duşuşyp, oňa gül desselerini gowşurdylar.

 

Ýene-de okaň

Ilkinji gezek Buker baýragy hekaýalar ýygyndysyna berildi

Ak şäherimiz Aşgabada bagyşlanan konsert

Ata Watan Eserleri

Pars dilini goramak we Abulkasym Ferdöwsini hatyralamak güni

Aşgabatda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçirilýär

Türkmenistanda «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly geçiriler

Türkmenistan GDA-nyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XVIII forumyna gatnaşdy