Azerbaýjan 2026-njy ýylda Ýewropanyň ýene iki ýurduna gaz iberip başlamagy meýilleşdirýär. Şeýlelikde, import ediji ýurtlaryň umumy sany 16-a ýetiriljekdigini ýurduň Prezidenti Ilham Aliýew aýtdy.
“Gaz eksportymyz hem möçber taýdan, hem-de geografik taýdan ösýär. Häzirki wagtda biz 14 ýurda gaz iberýäris, olaryň 11-ine yzygiderli esasda üpjünçilik edýäris” diýip, döwlet Baştutany ýerli teleýaýlymlara beren interwýusynda belledi.
Onuň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylda azerbaýjan gazyny alan, emma soňra başga çeşmeleriň bolmagy sebäpli satyn almany bes eden ýurtlar hem bar. “Bu talap boýunça üpjünçilikdir: olara gerek bolanda iberýäris, gerek bolmasa bes edýäris. Emma umuman alnanda, Azerbaýjandan turbageçiriji arkaly gaz iberilýän ýurtlaryň sany 14 bolup, şu ýylda olara ýene iki ýewropa döwleti goşular. Şeýlelikde, olaryň umumy sany 16 bolar. Bu bolsa turbageçiriji arkaly gaz iberilýän ýurtlaryň sany boýunça iň ýokary görkezijidir” diýip, Aliýew aýtdy.
“Geçen ýylda eksportymyz 25 milliard kub metrden geçdi we onuň mundan beýläk-de artmak mümkinçiligi bar” diýip, ol aýtdy.
Prezident şeýle hem Siriýa azerbaýjan gazynyň iberilmegi barada durup geçip, bu ugurda möçberleri artdyrmak meýilleriniň bardygyny habar berdi.
Ozalky maglumatlara görä, Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow 2025-nji ýylda azerbaýjan gazynyň Ýewropa eksportynyň 12,8 milliard kub metre barabar bolandygyny mälim edipdi.
Habarlara görä, 2024-nji ýylda Azerbaýjan jemi 25,2 milliard kub metr gaz eksport edipdir. Şonuň 12,9 milliard kub metri, ýagny 51%-i Ýewropa ugradylypdyr. Şeýlelikde, 2025-nji ýylda Ýewropa iberilýän azerbaýjan gazynyň möçberi 0,8% azaldy.
Azerbaýjanyň Ýewropadaky 12 ýurt bilen gaz üpjünçiligi boýunça şertnamalary bar: Italiýa, Gresiýa, Bolgariýa, Rumyniýa, Wengriýa, Serbiýa, Sloweniýa, Horwatiýa, Slowakiýa, Demirgazyk Makedoniýa, Germaniýa we Ukraina. Şolaryň arasynda üç ýurt (Italiýa, Gresiýa we Bolgariýa) bilen kesgitlenen möçberli uzak möhletli şertnamalar baglaşyldy. Germaniýanyň SEFE (Securing Energy for Europe) kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama 10 ýyllyk bolup, ýyllyk üpjünçilik möçberi tapgyrlaýyn takmynan 1,5 milliard kub metre ýetiriler. Galan ýurtlar bilen bolsa anyk möçberler görkezilmedik şertnamalar bar.
Azerbaýjan gazy Türkiýä hem (TANAP we Günorta Kawkaz turbageçirijisi arkaly), şeýle hem Gruziýa (Günorta Kawkaz turbageçirijisi we beýleki gaz geçirijisi arkaly) eksport edilýär.
Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap Türkiýäniň üsti bilen Siriýa azerbaýjan gazynyň iberilmegi başlandy. Ilkinji tapgyrda gündelik möçber 3,4 million kub metre deň bolup, ýakyn wagtda 6 million kub metre çenli artdyrylmagy meýilleşdirilýär.
