ABŞ-ly lukmanlar aýak myşsalarynyň güýçli bolmagyny adamlaryň uzak ýaşamagynyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezýärler. Bu babatda hususan-da şeýle diýilýär.
- Garranymyzda aýaklarymyz hemişe güýçli bolmaly.
- Garranymyzda saçyň çalarmagyndan (ýa-da) deriniň sallanmagyndan gorkmaly däldiris. Aslynda myşsalarymyzyň jansyzlanmagyndan (myşsa atrofiýa) gorkmalydyrys.
- Iki hepde aýaklaryňyzy gymyldatmaň, aýagyňyzyň güýji 10 ýyl azalýar.
- Daniýanyň Kopengagen uniwersitetinde geçirilen ylmy-barlaglarda iki hepde hereketsizlikde garrylaryň we ýaşlaryň aýak myşsalarynyň güýjüniň üçden bir möçberde gowşandygy mälim edildi. Bu hem Bu 20-30 ýaş garramaga deňdir.
- Aýak myşsalarymyz gowşadykça, soň dikeldiş maşklaryny etsek-de, olary dikeltmegimiz üçin köp wagt gerek bolar.
- Şonuň üçin ýöremek ýaly yzygiderli maşklar gaty möhümdir. (Günde 5 km / 10000 ädim maslahat berilýär).
- Bedeniň ähli agramy / ýüki aýaklara düşýär.
- Aýak adam bedeniniň agramyny göterýän sütündir.
- Gyzykly tarapy, adamyň süňkleriniň 50 göterimi we myşsalarynyň 50 göterimi iki aýakda
- Adam bedeniniň iň uly we güýçli bogunlary we süňkleri hem aýaklaryndadyr.
- Güýçli süňkler, güýçli myşsalar we çeýe bogunlar adam bedeninde iň möhüm ýük göteriji gurluşyny emele getirýär.
- Adam işjeňliginiň 70 göterimini we adamyň durmuşynda energiýany sarp etmegiň esasy iki aýak bilen amala aşyrylýar.
- Muny bilýärsiňizmi? Adam ýaş wagty butlary kiçijik maşyny göterip biljek derejede güýçli bolýar.
- Aýak beden hereketiniň merkezidir.
- Iki aýagyň bilelikde adam bedenindäki nerwleriň 50%, gan damarlarynyň 50% we olaryň içinden akýan ganyň 50%-ni jemleýär.
- Bedeni birleşdirýän uly aýlanyş ulgamydyr.
- Diňe aýaklar sagdyn bolanda ulgamlaýyn gan akyşy yzygiderli akýar, şonuň üçin güýçli aýak myşsalary bolan adamlaryň ýüregi güýçli bolýar.
- Garrylyk aýaklardan ýokary başlaýar.
- Adam ýaşy ulaldygyça, ýaşlygyndan tapawutlylykda beýniniň we aýagyň arasyndaky görkezmeleriň takyklygy we tizligi azalýar.
- Şeýle hem, süňk kalsisi diýilýän zat wagtyň geçmegi bilen (osteoporoz) iru-giç ýok bolar we garry adamlaryň süňküniň döwülmegine getirip biler.
- Aýak maşklary 60 ýaşdan soňam hiç wagt giç däl.
- Wagtyň geçmegi bilen aýaklarymyz kem-kemden garrasa-da, aýaklarymyz bilen maşk etmek ömürlik işdir.
- Diňe aýaklary berkitmek bilen, garramagyň öňüni alyp bileris.
- Aýaklaryňyzyň ýeterlik maşk etmegini we aýak myşsalaryňyzyň sagdyn bolmagyny üpjün etmek üçin her gün azyndan 30-40 minut ýöremek has peýdalydyr.
Internet materiallary esasynda taýýarlandy.
Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!