SIZDEN GELENLER

Aý älemgoşary haçan çykýar?

Siz diňe günüň däl-de aýyň hem älemgoşarynyň bardygyny hem bilýärdiňizmi? Aý älemgoşary ýa-da aý ýaýy diýlip atlandyrylýan bu seýrek tebigy hadysa aýyň ýagtylygynyň howadaky suw damjalaryny serpikdirmegi we şol damjalaryň aýyň yşygy tarapyndan döwülmegi esasynda ýüze çykýar. Bu geň tebigy hadysa älemgoşarlara garanyňda gaty seýrek duş gelýär, sebäbi bu haýran galdyryjy hadysanyň bolup geçmegi üçin ençeme howa we astronomiki şertleriň kada laýyk duş gelmegi zerur bolup durýar. Ençeme fiziki hem-de astronomiki şertleriň bir ara gelmesinden orta çykýan bu täsin hadysanyň bolup geçmegi üçin aýyň ýerleşýän ýeri asmanyň aşagynda, ýagny 42 derejeden köp bolmadyk şekilde gorizondyň aşagynda ýerleşmegi zerurdur. Mundan başga-da aýyň doly aý, asmanyň gap-garaňky we howa damjalarynyň aýyň arkasynda ýerleşer ýaly bolmagy hem bu hadysanyň görülmesi üçin hökmandyr.

Görüşiňiz ýaly, bu geň hadysa gaty seýrekdigi sebäpli her ýyl millionlarça syýahatçylar, bu adatdan daşary hadysa şaýat bolmak üçin aý älemgoşarlarynyň döreýän ýerlerine zyýarat edýärler.

Aý älemgoşarlary dünýäniň käbir ýerlerinde, esasan, hem şarlawuklaryň bolan ýerlerinde ýygy-ýygydan duş gelýär. Muňa mysal edip Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatyndaky milli Ýosemit parkyny, Kentuki ştatynyň milli Kimberland parkyny, Hawai ştatynyndaki Waimei adyndaky turistik ýerini hem-de Zambiýa we Zimbabwe döwletleriniň serhedinde ýerleşýän Wiktoriýa şarlawugynyň mysaly hökmünde görkezmek bolar.

Sumbar Annanazarow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

26-njy oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi