DÜNÝÄ

Awstriýanyň daşary işler ministri Türkmenistana gelýär

Awstriýanyň daşary işler ministri Mihael Linhart Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar. Ol öz saparyna Gyrgyz Respublikasyndan başlady. Bu ýerde Awstriýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa birinji ykdysady forumyna gatnaşdy we Gyrgyz Respublikasynyň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi.

Awstriýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda, daşary işler ministri Mihael Linhart köp sanly işewürlerden düzülen topara ýolbaşçylyk edip, Merkezi Aziýada saparda bolýar. Ol 4-9-njy noýarb aralygynda Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan döwletlerinde saparda bolýar.

Gyrgyz Respublikasynda hem-de Täjigistanda saparda bolan Mihael Linhart bu ýurtlaryň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary hem-de Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşdy.

Awstriýanyň daşary işler ministri Mihael Linhart sapary barada eden çykyşynda Merkezi Aziýada sanlylaşdyrmak, gidroenergetika, saglygy gorýayş, suw üpjünçiligi we galyndylary gaýtadan işlemek ýaly köp ugurlarda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şonuň üçin ol öz saparynyň çäklerinde ýany bilen barýan köp sanly işewür toparyň wekilleriniň hem ikitaraplaýyn möhüm gepleşikleriň geçirýändigini mälim etdi.

 

Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

BMG-niň üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy

Özbegistanyň Senatynyň Başlygy Awaza geldi

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Awaza geldi

Ata Watan Eserleri

Malawi Respublikasynyň wekiliýetiniň toparlary Awaza gelip başlady

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Zambiýa we Angolanyň wekiliýetleri Türkmenbaşa gelerler