TEHNOLOGIÝA

Awstraliýaly alymlar Aýda ösümlik ýetişdirmegi meýilleşdirýär

Awstraliýanyň alymlary Aýda ösümlik ýetişdirmek üçin täze kosmos saparyny amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. bu synag işlerini 2025-nji ýylda ýerine ýetirmek meýilleşdirilýär.

Kwislend şäheriniň Tehnologiýa uniwersitetiniň biology Brett Uilýams ýetişdiriljek ösümligiň tohumy Ýeriň hemrasyna “Beresheet 2” kosmoa gämisiniň kömegi bilen eltiler. Bu kosmos gämisi Ysraýylda taýýarlandy.

Aýda ösdürip ýetişdiriljek ösümligiň görnüşi entek doly anyklanmady. Alymlar aşa şertlere oňat çydamly we çalt ösýän tohumlary saýlamagy maksat edinýärler. Şeýle ösümlikleriň biri Awstraliýada uzak wagtlap suwsyz ýaşap bilýän ösümlik oty bolmagy mümkin.

Ösümligi germetiki gaba ýerleşdirip, ony ösüş depginini gözegçilik etmek meýilleşdirilýär. Bu synag işleri Aýda ýaşaýyş şertlerini öwrenmekden ybarat bolup durýar. Geljekde kislorodyň, azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň önümçiligi üçin Aýda ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Alymlar ösümlikleri ýetişdirmek üçin şlenip düzüljek tehnologiýanyň diňe Aýda däl, eýsem Ýer şarynda hem ulanmak mümkinçiliginiň boljakdygyny belleýärler.

Ýene-de okaň

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

NASA-dan taryhy ädim: 54 ýyldan soň Aýa ilkinji adamly uçuş başlady

Internet ulanyjylarynyň sany boýunça öňdebaryjy ýurtlar

Türkiýede 5G döwri başlady

Türkmenistanda 5G we 4G+ torlaryny ýaýbaňlandyrmak üçin bäsleşik yglan edildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: maglumat merkezleriniň ulgamy dörediler