SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Awstraliýa ― Täze Zelandiýa howa gatnawlarynda karantin gözegçiligi aradan aýryldy

Awstraliýanyň we Täze Zelandiýanyň arasyndaky uçar gatnawlarynyň ýolagçylary şu günden ― 19-njy aprelden başlap, karantin gözegçiliginde galmaly bolmazlar. Bu barada iki döwletiň hem resmileri tarapyndan habar berildi.

Ýer ýüzünde koronowirus pandemiýasynyň möwç almagy sebäpli, iki goňşy döwletiň arasyndaku uçuşlaryň ýolagçylary üçin karantin hökmanylygy geçen ýylyň martaýynda girizilipdi. Döwletleriň ikisi hem çäklendirmelere berk gözegçilik edip, pandemiýany ýeňmegi başardy.

Eýýäm şu gün Awstraliýa bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky howa gatnawlaryna isleg bildirýänleriň sany ep-esli artdy. Awstraliýanyň «Qantas», «Jetstar» we Täze Zelandiýanyň awiakompaniýalary munuň üçin goşmaça gatnawlary hem ýola goýmaly boldular.

Aslynda, Täze Zelandiýadan gelýän syýahatçylar geçen ýylyň oktýabr aýyndan bäri Awstraliýanyň ştatlarynyň birnäçesinde karantinsiz gezelenç edip bilýärdi. Indi bolsa bu çäklendirme doly aradan aýryldy.

Ýeri gelende aýtsak, Täze Zelandiýanyň hem syýahatçylykdan gelýän girdejileriniň 40 göterimi awstraliýalylara degişlidir.

 

Türkiýä «Sputnik V» waksinasyny öndürmäge rugsat berildi

 

 

Ýene-de okaň

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar