“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahaty geçirildi.
“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan forumy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň uly ähmiýeti bar.
Halkara maslahat Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa başlyklyk etmeginde geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dünýäniň dürli döwletlerinden ýolbaşçy zenanlar, halkara guramalaryň zenan wekilleri, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda işleýän zenanlar, talyplar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Foruma gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanyň başlygy Saida Mirziýoýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowa we başga-da köp sanly ýolbaşçy zenanlar gatnaşdy.

Foruma Türkmenistandaky daşary ýurtly ilçiler, ýerli we daşary ýurtly habarçylar hem çagyryldy.
Dünýäniň dürli künjeginden ýokary derejeli wekiliýetleriň bu maslahata gatnaşmagy Türkmenistanyň ynsanperwer başlangyçlarynyň giň gerimde goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa halkara maslahata gatnaşmaga gelen wekiliýet ýolbaşçylary garşylady.
Soňra halkara maslahata gatnaşmaga gelen wekiliýet ýolbaşçylary bilelikde surata düşdüler. Surata düşülenden soňra wekiliýet ýolbaşçylary forumyň çäklerinde guralan sergä tomaşa etdiler.

Halkara forumyň çäklerinde Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň, şol sanda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary, şeýle hem Arkadag şäheri özüniň diwarlyklary bilen çykyş etdiler.
Sergide türkmen halkynyň baý medeni mirasy hem-de dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri görkezildi. Welaýatlaryň diwarlyklarynda şol sebite degişli çykyşlar myhmanlara uyl gyzyklanma döretdi.
Soňra halkara maslahat öz işine başlap, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, bu maslahatyň zenanlaryň mümkinçilikleri maslahatlaşmak üçin örän uly ähmiýete eýedigini belledi.

Şeýle hem maslahatda Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanyň başlygy Saida Mirziýoýewa, Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misned, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowa dagy çykyş edip, Türkmenistanyň gender deňligi, şeýle hem ýurdumyzda zenanlaryň öz mümkinçilikleri giňden açyp görkezmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini bellediler.
