JEMGYÝET

Awazada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasy açyldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ahyrky aýynda Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Täze şahamçanyň döredilmegi jemgyýetçilik goragyny berkitmäge we ösüp gelýän nesle ähli taraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilen haýyr-sahaw başlangyçlarynyň giňeldilmeginde möhüm ädim boldy.

Dabara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de köp sanly myhmanlara gatnaşdy.

Şeýle hem dabara halkara metbugat wekillerini, resmi wekiliýetleri hem-de şu günlerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara maslahatyň gatnaşyjylaryny özünde jemledi. Şeýle giň gatnaşyjy düzüminiň bolmagy Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ynsanperwer maksatnamalara dünýä jemgyýetçiliginiň artýan gyzyklanmasyny, şeýle hem çagalary goramak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini görkezýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdiler.

Bu waka Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň haýyr-sahawat guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň we tejribe alyşmagyň has-da berkeýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Resmi dabaradan soň Türkmenistanyň Baýdagy hem-de  Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň baýdagy täze şahamçanyň işiniň başlanandygyny alamatlandyrmak üçin galdyryldy.

Döwlet baýdagy Milli senamyzyň ýaňlanmagynda, Haýyr-sahawat gaznasynyň baýdagy «Aýterek — Günterek» aýdymynyň ýerine ýetirilmeginde asuda asmanymyza göterildi. Bu aýdymy «Jahan» döredijilik merkeziniň ýaşajyk aýdymçylary ýerine ýetirdiler.

Açylyşda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Gutlag sözi bilen çykyş etmegi dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Dabaranyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna orun berildi. Olaryň çykyşlary dabaranyň millilige we baý medeni mirasa esaslanýan täsirli pursatlarynyň biri boldy.

Dabaranyň ahyrynda myhmanlar täze şahamçanyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Olar bejeriş-sagaldyş, psihologik hem-de dikeldiş ugurlary boýunça işleri öz içine alýar. Halkara ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan otaglar, şeýle hem aýratyn üns talap edýän çagalaryň döredijilik taýdan ösmegine gönükdirilen maksatnamalar aýratyn üns çekdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň täze şahamçasynyň açylmagy Türkmenistany ynsanperwer başlangyçlary yzygiderli durmuşa geçirýän we çagalaryň abadançylygyny esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe sürýän döwlet hökmünde has-da berkidýär.

2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Şu güne çenli gaznanyň hasabyna ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ençeme haýyr-sahawatly we ynsanperwer işler ýerine ýetirildi.

Ýene-de okaň

Putin Türkmenistanyň Prezidentini GDA-nyň sammitine çagyrdy

Prezident Ärdogan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşdy

Özbek Lideri: Gurbanguly Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk pelsepesiniň esaslandyryjysydyr

Mirziýoýew: Özbegistan 2027-nji ýyly “Öňüni alyş diplomatiýa ýyly” diýip yglan eder

Premýer-ministr: Baku Türkmenistanyň Bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny goldaýar

Gazagystanyň Prezidenti BMG-niň gurluşynda Halkara suw guramasyny döretmegi teklip etdi