“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahaty başlaýar. “Awaza” sport toplumynda geçirilýän bu foruma “Ata Watan Media” topary hem gatnaşýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän forum Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa başlyklyk etmeginde geçiriler.
Bu ýokary derejeli foruma gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýokary derejeli wekiliýetler ýurdumyza geldiler.
Daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda:
- Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Žanna Çefranowa
- Türki medeniýeti we miras gaznasynyň (TÜRKSOÝ) başlygy Aktota Raimkulowa
- Lion işewürlik mekdebiniň (Emlyon Business School) ýolbaşçysy Erwe Dias
- Belarusyň Çagalar gaznasynyň başlygy we Maýyp çagalaryň dikeldiş merkeziň direktory Lýudmila Kondraşowa
- Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik ösüş ministri Dato Şri Haja Nensi Şukri,
- San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasy Milli Assambleýasynyň Başlygy Selmira Almeýda du Sakramentu duş Santuş Lourensu,
- Gyrgyz Respublikasynyň bilim we ylym ministri Dogdurkul Kendirbaýewa we beýlekiler bar.
Şeýle hem halkara maslahat ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän zenanlaryň köp sanlysy gatnaşýar.
