DÜNÝÄ

Awaza: Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny geçirmäge taýýar edildi. 3-nji gezek geçirilýän bu duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşýar.

Döwlet Baştutanlary 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Daşkentde geçirilen Konsultatiw duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň netijelerine serederler. Şeýle hem Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibine girizilen sebitiň durnukly ösüşi, söwdany ýokarlandyrmak, energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döretmek, ulag we aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, pandemiýa garşy göreş tagallalaryny jemlemek ýaly ugurlarda özara pikir alşarlar.

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçiriler.
Mundan başga-da, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň festiwaly hem-de sebitiň ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti bolar.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly hem Hazaryň kenaryndaky by halkara çärelere çagyryldy. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky ähli myhmanhanalarda halkara çäreleriň ähmiýetini açyp görkezýän bildirişler asylypdyr.
Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti 2018-nji ýylyň mart aýynda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde, ikinjisi bolsa 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistan-tajigistan-sowda-gatnasyklarynyn-yol-kartasy-duzuler/

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy