JEMGYÝET

“Awaza”: 3 aýda 150 müňden gowrak türkmenistanly dynç aldy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Halk Maslahatynyň Başlygyna Awaza etrabynyň häkimi Hazaryň kenarynda türkmenistanlylar we onuň myhmanlary üçin döredilýän dynç alyş mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň ajaýyp künjegi we dynç alyş merkezi hasaplanýan “Awaza” milli syýahatylyk zolagynda dynç alýan türkmenistanlylaryň sany bilen gyzyklandy.

Häkiminiň beren maglumatyna görä, 3 aýda bu ýerde 150 müňden gowrak türkmenistanly dynç aldy. Halk Maslahatynyň Başlygy bu görkezijilere uly kanagatlanma bildirip, Hazaryň deňiz kenaryndaky myhmanhanalar we dynç alyş toplumlarynyň arasynda bäsdeşligi guramagyň möhümdigini belledi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň kenarynda we bu ýerde döredilen emeli derýada gämili we gaýykly gezelençleri guramagyň has möhüm boljakdygyny belläp, häkime bu barada öz öwüt-ündewlerini berdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri