JEMGYÝET

Atamyrat Şagulyýew: “Makul Sözlük”-täze dil köprüsi

Amal edilen islendik gowy iş dünýäniň niresinde ýerine ýetirilen-de bolsa, ol adamzat durmuşyna peýda getirýär. Ýaňy-ýakynda “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi tarapyndan Amerikada neşir edilen “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” hem şeýle ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýine gabatlanyp taýýarlanan “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” öz içine 16 500 sözi, hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen adalgalary hem alýandygyny bellemelidiris.

Häzirki ösen jemgyýetimizde iňlis dilini öwrenmek biziň her birimiz  aýdalyň okuwçy, talyp, hukukçy, ykdysatçy, lukman ýa-da habarçy, syýahatçy tapawudy ýok, islendik ýagdaýda zerurdyr. Şol sebäpli täze sözlük möhüm, halkara gatnaşyklarynda peýdaly gollanmadyr.

Sözlügi haýsy saýtdan alyp, öwrenip bolar?

Sözlük diňe çap görnüşinde däl,  www.makulsozluk.com web sahypasynda we mobil goşundylarda hem elýeterlidir. Bu ýagdaýda ony ulanyjylar iňlis we türkmen sözleriniň ses ýazgylaryny diňläp, şeýle hem çagalar üçin oýunly sözlük, suratly sözlük, ýüzlerçe gepleşik nusgalary, nakyllar, suffiksler, prefiksler we idiomalar bilen tanşyp bilerler.

“Makul Sözlük” gymmatly ylmy çeşme bolmak bilen bir hatarda,  Türkmenistan bilen Amerikanyň arasyndaky medeni, ykdysady we diplomatik gatnaşyklarda täze dil köprüsidir.

                                                                            Atamyrat ŞAGULYÝEW, žurnalist.

 

Derýa Soýsal: türkmen dili – medeni gymmatlyk we siwilizasiýalaryň arasynda strategik köpri

 

AZAT NAZAROW: “MAKUL SÖZLÜK” IŇLIS DILINI ÖWRENÝÄNLER ÜÇIN ÝEŇILLIK

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi