JEMGYÝET

Aspiriniň dörän taryhy

121 ýyl ozal nemes himigi Feliks Hoffman aspiriniň patentini aldy. Germaniýanyň “Bayer” kompaniýasynyň işgäri hökmünde Hoffmanyň bu üstünligi öz kompaniýasyny dünýä meşhur etdi. 1899-njy ýylyň 6-njy martynda patentde “aspirin” sözi ulanyldy. Bu at iki sözden ybarat: asetilden “a” harpy, “Spiraea”-dan bolsa “spir” sözi alyndy.

Hoffman kakasynyň guragyry keseli üçin derman gözleýärkä, bu dermany oýlap tapdy. Häzirki wagtda ählumumy bejeriş häsiýetleri we lukmançylykda giňden ulanylmagy aspirini XX asyryň esasy dermanlarynyň biri diýip atlandyrmaga esas berýär.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Gruziýanyň portlaryna sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjana sapar bilen bardy

Türkmenistan bilen Belarus ynsanperwer gatnaşyklaryny berkidýär

Ata Watan Eserleri

25-nji aprelinde ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi geçiriler

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy