DÜNÝÄ

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Paý­tag­ty­myz­da­ky “Ar­ça­bil” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di. “Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly­nyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­ma­gy­ny şert­len­di­ren bu çä­re yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň dün­ýä­dä­ki äh­mi­ýe­ti­niň bar­ha art­ýan­dy­gy­ny aý­dyň gör­kez­di.

Hal­ka­ra mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň (TGÝMJ), Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň we Gy­zyl Haç hem-de Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, dür­li ýurt­la­ryň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýet­le­ri­niň we­kil­le­ri san­ly ul­gam ar­ka­ly gat­naş­dy­lar. Fo­rum­da hä­zir­ki dö­wür­de mö­hüm hä­si­ýe­te eýe bol­ýan yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­riň ma­ny-maz­mu­ny ba­ra­da gür­rüň edil­di.

Çä­re­de dün­ýä ýurt­la­ry­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýet­le­ri, Hal­ka­ra Gy­zyl Haç Ko­mi­te­ti­niň we Gy­zyl Haç hem-de Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len ýo­la goý­lan hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu gu­ra­ma­lar bi­len al­nyp ba­ryl­ýan bi­le­lik­dä­ki iş­ler Türk­me­nis­ta­nyň Gy­zyl Ýa­ry­maý Mil­li jem­gy­ýe­ti­niň iş­gär­le­ri­niň we meý­le­tin­çi­le­ri­niň bi­lim de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga şert dö­red­ýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary