MEDENIÝET

Aşgabatda ÝB-niň Medeniýet hepdeliginiň çäginde konsert geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde we Ýewropa Bileleşiginiň agza döwletleriniň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň goldawy bilen Ýewropa Bileleşigi we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan konserti guradylar. Konsert Türkmenistanda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäginde gurnaldy.

Konsert Aşgabat şäheriniň 1-nji, 4-nji sazçylyk mekdepleriniň we Türkmenistanyň ýörite sazçylyk mekdep internatynyň okuwçylaryndan ybarat bolan çagalar hory, Latwiýanyň hor ussasy Wita Timermanyň ýolbaşçylygynda Rasul Klyçewyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet orkestri bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

Açylyş dabarasynda eden çykyşynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Hanym Beata Peksa: “Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň bu ajaýyp taslamasyna gatnaşýandygyna örän begenýärin we buýsanýaryn, sebäbi bu biziň, ýewropalylaryň, ähli gymmatlyklarymyza, ýagny  biziň aýdym-saza bolan höwesimize, parahatçylygyň we sungatyň işine goşant goşmak dowamly islegimize, ýaşlaryň güýjüne bolan söýgimize we ynanjymyze laýyk gelýär,” diýip, belläp geçdi.

Ýene-de okaň

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi