DÜNÝÄ

Aşgabatda ÝB-niň Medeniýet günleri Ýewropa film festiwaly bilen tamamlanýar

Aşgabat, 2024-nji ýylyň 29-njy noýabry – Bu hepde, Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilern Ýewropa film festiwaly tamamlandy. “Ýewropa film festiwaly” taslamasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen festiwal, “Aşgabat” kinoteatrynda görkezilen “Ikar we Minotawr” animasion filminiň görkezilişi bilen açyldy. Ondan soňky günlerde Türkmenistandaky Fransuz institutynda ýene dört sany ýewropa filmleri görkezildi. Bu bolsa tomaşaçylara baý we dürli görnüşli kinematografiýa tejribesini almaga mümkinçilik berdi.

Noýabr aýynyň 25-29-y aralygynda festiwalyň çäklerinde Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti Medeniýet ministrligi bilen bilelikde “Animasion çeper filminiň ýa-da serialyň işläp taýýarlanylmagy” atly seminary gurnady. Meşhur ispan prodýuseri Manuel Kristobalyň ýolbaşçylygynda seminara gatnaşyjylar animasiýa önümçiliginiň çeperçilik we amaly jähtleri barada gymmatly bilimleri aldylar. Diňleýjiler seminaryň amaly çemeleşmesine we höweslendiriş täsirine ýokary baha berdiler.

Festiwal köp sanly diňleýjileri, şol sanda hem film söýüjilerini, medeniýet pudagynyň hünärmenlerini we ýaş film öndürijilerini özüne çekdi. Ol kuwwatlyklary artdyrmak üçin gymmatly mümkinçiligi berdi we bilim alyş-çalyşygy hem-de film önümçiligi ugrunda ukyplaryň ösdürilmegi arkaly hünär derejeleriň ýokarlanmagyna ýardam berdi. Bu başlangyç ÝB-niň Türkmenistanda medeniýet köpdürliligini höweslendirmäge we sungat önümçiliklerine ýardam bermäge ymtylýandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi