MEDENIÝET

Aşgabatda we Türkmenbaşyda ýapon filmleri görkeziler

Ýapon filmleriniň festiwaly Türkmenistan döwletimizde 7-nji gezke geçirilýär, ol türkmenistanlylara Ýaponiýany has ýakyndan tanamaga mümkinçilik berýär. Bu barada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Şu ýyl bu festiwal hem Aşgabatda hem-de Türkmenbaşy şäherinde geçiriler. Aşgabat şäherinde ýapon filmleriň festiwaly 15-nji dekabrda “Aşgabat” kinoteatrynda badalga alar. Türkmenbaşy şäherinde bolsa, 23-nji dekabrda başlar.

Festiwalyň çäklerinde Aşgabatda 3, Türkmenbaşy şäherinde bolsa 2 film görkeziler. Olaryň arasynda ene-atalaryň çagalary bilen bilelikde tomaşa etmegi üçin hem gyzykly filmler bar.

Festiwalda “Asman restorany”, “Diňe pşik bilýar”, şeýle hem ýapon režissýory Takesi Ýasironyň animasiýa ýygyndysy görkeziler.

Related posts

Ýurdumyzyň käbir gazetlerinde baş redaktoryň orunbasary wezipesi ýapyldy

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

“Mamma Mia” kinosynyň täze bölümi