MEDENIÝET

Aşgabatda Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewanyň konserti geçiriler

Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şu ýylyň 24-nji noýabrynda geçiriljek konsertine tomaşa etmäge çagyrýar. Zenan aýdymçy konsertiň dowamynda diňleýjileriň söýgüsini gazanan, şeýle-de özüniň täze döreden aýdymlary bilen çykyş eder. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Konsert «Watan» kinokonsert merkezinde geçiriler. Konsert 18:00-da başlanar.

Habarlaşmak üçin 92-18-65 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.

Related posts

Medeniýet hepdeligi we nobatdaky açylyş dabaralary

“Prix Italia 2023” festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy

Auksion öýi öz maýa goýum gaznasyny döretdi