BIZNES

Aşgabatda türkmen-gazak hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda türkmen tarapyndan – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Ç.Gylyjowyň we gazak tarapyndan – Premýer-ministriň orunbasary R.Sklýaryň bilelikde başlyklyk edýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklarynyň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy girizildi.

Nobatdaky duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik,  söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bar bolan mümkinçilikleriň has hem işjeňleşdirilmegi üçin ähmiýetli şertlere eýe bolan döwletara gatnaşyklaryň barha ösdürilýändigi we ýokary derejä çykarylýandygy bellenilip geçildi. Mundan başga-da, toparyň Nur-Soltan we Aşgabat şäherlerinde geçirilen ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika, oba hojalygy, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklarynyň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Taraplar şeýle hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly bolup çykyş edýän medeni we ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagynyň, saglygy goraýyş we lukmançylyk ugry boýunça özara hereketleriň ösdürilmeginiň zerurlygyny beýan etdiler.

Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.

Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde şeýle-de iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Önjeýli gepleşikleriň barşynda häzirki hereket edýän sanitar kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagy, eksport-import amallarynyň artdyrylmagy hem-de özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň sanynynyň, göwrüminiň giňeldilmegi boýunça ylalaşylan geljekki çäreleriň ýygjam durmuşa geçirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.

 

TOPH gaz geçirijisi boýunça bilelikdäki hereketler işjeňleşdiriler

 

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň kompaniýalary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistan Russiýada geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşar

Gyrgyzystan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş maksatnamasyny kabul etdi

Türkmenistan IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

SOCAR bilen german kompaniýasy gaz satyn almak boýunça 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

«Daýhanbank»:bank kartlarynyň sany 2 milliondan geçdi