Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary berkitmek üçin iň iri meýdançalaryň birine öwrülen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 12-nji ýöriteleşdirilen sergisiniň dabaraly açylyşy boldy. Bu sergi 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirilýän halkara sergileriň başlangyjy boldy.
Serginiň açylyş dabarasyna wekilçilikli topara ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat gatnaşdy. Üç günüň dowamynda, 10-njy fewraldan 12-nji fewral aralygynda, sergi zaly iki doganlyk ýurduň öndürijileriniň, maýadarlarynyň we döwlet edaralarynyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlyk meýdançasy bolup hyzmat eder.
“Ata Watan Media” toparynyň hem gatnaşan sergisine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtly ilçiler gatnaşdy.
Üstümizdäki ýyl öz gazananlaryny we eksport mümkinçiliklerini Türkiýäniň 100-e golaý öňdebaryjy kompaniýalary we işewürler birleşmeleri görkezýärler. Sergi ýeňil we azyk senagatyndan başlap, ýokary tehnologiýaly maşyngurluşyk we beýleki pudaklara çenli ähli esasy ugurlary öz içine alýar.
Türk eksportçylary üçin bu çäre diňe bir täze önümlerini tanyşdyrmak däl, eýsem, geljegi uly bolan türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmek we uzak möhletleýin taslamalary amala aşyrmak üçin ygtybarly hyzmatdaşlary tapmak üçin strategik mümkinçilikdir.
Guraýjylar serginiň işewürler toparlarynyň has-da ýakynlaşmagyna gönükdirilendigini belleýärler. Türkmen telekeçilerine we döwlet pudagynyň wekillerine türk brendleriniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we bilelikdäki önümçilikleri döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga özboluşly pursat döredilýär.

Çäräniň maksatnamasy tanyşdyryşlar we hünärmen maslahatlary bilen baýlaşdyrylyp, bu bolsa täze üpjünçilik zynjyrlarynyň kemala gelmegine we milli ykdysadyýete innowasion çözgütleriň girizilmegine ýardam edýär.
Sergi diwarlyklarynyň işi bilen tanyşan Tükriýäniň söwda ministri Ömer Bolat saparynyň çäklerinde birnäçe möhüm duşuşyklary hem geçirer. Türkiýäniň söwda edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hökümet wekilleri bilen ýokary derejeli gepleşikleriň birnäçesini geçirer.
Duşuşyklaryň esasy temasy söwdany mundan beýläk-de ösdürmek we haryt dolanyşygyny artdyrmak üçin bar bolan bökdençlikleri aradan aýyrmak bolar.
Şunuň ýaly sergileriň yzygiderli geçirilmegi Türkiýäniň Aşgabadyň esasy söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri hökmündäki derejesini tassyklaýar we strategik hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmaga ikitaraplaýyn taýýarlygy görkezýär.
