DÜNÝÄ

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň 102 ýyllygy dabaraly bellendi

Mälim bolşy ýaly, 29-njy oktýabr Türkiýe Respublikasynyň milli baýramy – Respublika güni bellenýär. Bu baýramçylyk ýurduň garaşsyzlyk gününi alamatlandyrýar.

Ýurduň ähli ýerinde we şol bir wagtda daşary ýurtlardaky wekilhanalarda baýramçylyk dabaralary guralýar. Ine, şeýle dabaralaryň biri paýtagtymyz Aşgabatda geçirildi.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok we maşgalasy Türkiýe Respublikasynyň yglan edilmeginiň 102 ýyllygy mynasybetli dabaraly kabul edişlik gurady.

Oňa Aşgabatdaky daşary ýrutly ilçiler, türk raýatlary, şeýle hem “Ata Watan Media” topary bilen bir hatarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow gatnaşdy.

Dabarada ilki bilen, iki ýurduň milli senalary ýaňlandy. Soňra ilçi Ahmet Demirok Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Respublika güni mynasybetli türk halkyna iberen gutlag hatyny okady.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow çykyş edip, doganlyk türk halkyny bu möhüm baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlap, bu taryhy senäniň “doganlyk türk halkynyň garaşsyzlyga, ykdysady we ruhy ösüşe, döredijilige bolan ymtylyşyny alamatlandyrýandygyny” belledi.

Ol köp asyrlyk medeniýete we umumy köklere esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtap, ykdysady hyzmatdaşlyk meselesine aýratyn üns berdi: “Türkiýe Respublikasy bilen söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda üstünlikli işleýän takmynan 200 türk kompaniýasy bar. Bu bolsa özara ynamyň we hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanmanyň subutnamasydyr.” diýip belledi.

Wise-premýer özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etjekdigine, şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna umyt bildirdi.

Soňra myhmanlara hödür-kerem edildi we Aşgabatdaky bilelikdäki türkmen-türk mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we Türkiýäniň doganlyk halkyna ýurduň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberipdi.

Ýene-de okaň

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler

Tramp: Si Szinpin 2026-njy ýylda ABŞ-a döwlet sapary bilen geler

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky agrosenagat haryt dolanyşygy 37% ýokarlandy

Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Hindistanyň meşhur aktýory Dharmendra aradan çykdy