DÜNÝÄ

Aşgabatda sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahaty geçirildi.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän bu maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Foruma ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň, Oman Soltanlygynyň döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň we maliýe institutlaryň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekde strategik ähmiýete eýedir. Bu hyzmatdaşlyk söwda, energetika, ulag we ekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe bir ykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar, bu bolsa durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Aýlag ýurtlary” konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Şweýsariýa sapary

Putin we Trampyň 2-nji telefon söhbetdeşligi

Walentina Matwiýenko Arkadag şäherinde geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretarynyň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri

Gyrgyzystanyň energetika ministri Türkmenistana gelýär