Paýtagtymyz Aşgabatda 22 — 25-nji aprelde sportuň milli we alyş göreşi görnüşleri boýunça geçiriljek halkara ýaryşy geçiriler.
Göreşiň Ýer ýüzünde barha meşhurlygy artýan bu iki görnüşi üçin dünýäniň 13 döwletinden ykbalyny göreşe baglan tälimçileriň, türgenleriň, eminleriň, beýleki sport wekilleriniň 300-e golaýynyň türkmen paýtagtynda jem bolmagyna garaşylýar. Şunça wekiliň 170-den gowragy türgenler, has takygy, pälwanlar bolar. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek ýaryşlarda erkekler bilen bir hatarda, alyş göreşi boýunça zenan pälwanlaryň hem çykyşlaryna tomaşa edip bolar.
Halkara ýaryşda biziň türgenlerimizden başga-da, dünýäniň 12 döwletinden iň güýçli pälwanlar güýç synanyşarlar. Gatnaşyjy döwletleriň geografik giňişligi bolsa Mongoliýadan Belarus Respublikasyna çenli uzaýar. Deslapky maglumatlara görä, ýurdumyz halkara ýaryşa 30-dan gowrak türgen bilen gatnaşar.
Ýeri gelende aýtsak, halkara ýaryşa gatnaşjak sport wekiliýetleriniň düzüminde tälimçileriň 30-dan gowragynyň, eminleriň 60-a, resmi wekilleriň bolsa 30-a golaýynyň bolmagyna garaşylýar.
Şu günler ýaryşa gatnaşyjy wekiliýetler paýtagtymyzda jemlenip başladylar. Olar paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanylyp, Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» we «Türgenler» myhmanhanalarynda ýerleşdirilýär.
Guramaçylyk topary türkmen milli göreşi boýunça tutluşyklary agram derejeleriniň 8-si boýunça geçirmegi meýilleşdirýär. Has takygy, pälwanlar 57, 62, 68, 75, 82, 90, 100 kilograma çenli we 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde ýaryş düşekçesine çykarylar. Milli göreş boýunça ýaryşa gatnaşjak pälwanlaryň agram derejeleri 22-nji aprelde anyklanar.
Şol gün deslapky tapgyryň bijeleri hem çekiler. 23-nji aprelde günüň birinji ýarymynda bolsa deslapky tutluşyklar geçirilip, ähli agram derejeleriniň ýarym finalçylary kesgitlener. Ýarym final we final tutluşyklary şol günüň ikinji ýarymynda bolar.
Meýilnama görä, 23-nji aprelde milli göreş boýunça ýeňijiler yglan edilenden soňra, agşam alyş göreşi boýunça hem agramlar ölçenip, bijeler çekiler.
Göreşiň bu gyzykly görnüşi boýunça ýaryşlar erkekleriň arasynda 6, zenanlaryň arasynda bolsa 4 agram derejesinde geçiriler. 24-nji aprelde geçiriljek deslapky, ýarym final we final tutluşyklarynyň netijesinde alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitleniler.
