MEDENIÝET

Aşgabatda Liwiýanyň Medeniýet günleri geçirildi

Paýtagtymyzda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirildi. 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi.

Açylyş dabarasynyň dowamynda dostlukly ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Konsert maksatnamasyna halk sazlarydyr aýdymlar, nusgawy we estrada sazlary, tans kompozisiýalary girizildi. Sazandalar, aýdymçylardyr tansçylar tomaşaçylara milli medeniýetleriň özara baglanyşygyny açyp görkezdiler.

Dostlukly ýurduň Medeniýet günleriniň çäklerinde Aşgabatda «Adamzadyň medeni ösüşini açyp görkezmekde we arap dilini hem-de yslam magaryfyny baýlaşdyrmakda türkmen alymlarynyň eýeleýän orny» atly maslahat hem geçirildi. Liwiýadan gelen myhmanlar üçin medeni maksatnama taýýarlanyldy. Olar ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleri, şol sanda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň täsin gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi