SPORT

Aşgabatda küşt boýunça halkara ýaryş geçirilýär

Paýtagtymyz Aşgabatda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan türgenleriň gatnaşmagynda geçirilýän küşt boýunça halkara ýaryşy geçirilýär.

Oňa Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky 129 türgen gatnaşýar.

Ýaryşyň açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi. Sportuň bu görnüşiniň ösdürilmegi boýunça uly işleri alyp barýan Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan ýaryşyň guramaçylygyna örän jogapkärli we toplumlaýyn taýýarlyk görüldi.

Soňky üç ýarym ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň agzalarynyň sany 60-dan 1 müň 300 adama çenli artdy. Küşte gyzyklanmanyň barha artmagy ýurdumyzda FIDE reýtinginiň hasaby ýöredilýän ýaryşlaryň sanynyň köpelmegi bilen hem baglanyşyklydyr.

Meselem, 2000 — 2022-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda şeýle ýaryşlaryň 57-si geçirilen bolsa, diňe soňky iki ýarym ýylyň içinde olaryň sany 232-ä ýetdi. Netijede, türkmen küştçüleriniň ussatlygy we gazanýan üstünlikleri hem artdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda halkara derejeli grossmeýsterleriň sany 10-a ýetýär. Olaryň üçüsi soňky üç ýylyň içinde bu hormatly ada mynasyp boldular. Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda türkmen küştçüleri halkara ýaryşlarda 39 medal gazandylar. 2024-nji ýylda Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda ýurdumyzyň erkek we zenan türgenler ýygyndylarynyň, degişlilikde, “B” we “C” derejede eýe bolan altyn medallary olaryň esasy ýeňişleriniň biri boldy.

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov