JEMGYÝET

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda  Halkara kuraş assosiasiýasy bilen özara hyzmatdaşlykda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa “Ata Watan Media” topary hem çagyryldy.

Şeýlelikde, ýurdumyzda iri sport çäresi badalga aldy. Aşgabadyň kabul edýän XIV Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, diplomatik wekilihanalaryň ýolbaşçylary, iri sport ýaryşyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen türgenler, tälimçiler, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.

Açylyş dabarasy Kuraş boýunça dünýä çempionatyna gatnaşýan ýurtlaryň tanyşdyrmak bilen başlady. Soňra dünýä çempionatynyň baş emini hindistanly emin Halkara Kuraş federasiýasynyň ýolbaşçysy Haýdar Fermana hasabat berdi.

Dabarada Türkmenistanyň Milli senasy ýaňlandy we Döwlet baýdagymyz belende galdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nurmuhammet Amannepesow Türkmenistanyň Prezidentiniň Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gatnaşyjylaryna iberen Gutlag hatyny okady.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen milli göreşi bilen bir hatarda, göreşiň beýleki görnüşlerine, şol sanda kuraş görnüşine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Kuraş federasiýasy hereket edýär. Türgenlerimiz kuraş boýunça halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar, diýip Gutlag hatynda belläp geçýär.

Halkara Kuraş federasiýasynyň ýolbaşçysy Haýdar Ferman öz çykyşynda Türkmenistanyň bu abraýly ýaryşy ýokary derejede taýýarlyk görendigini belläp, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine uly hoşallyk bildirdi.

Resmi çykyşlardan soňra ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Onda edebi kompozisiýa hem-de sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary hem-de döredijilik toparlarynyň çykyşlary myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň bäsleşikleri «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkeziler. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara bolsa, ýaryşlary «Türkmen Älem 52E» emeli hemrasy arkaly dünýä ýaýmaga mümkinçilik dörediler.

Göreşiň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlary 1999-njy ýyldan geçirilip başlandy. Şondan 2002-nji ýyla çenli ol her ýyl, 2005-nji ýyldan bäri bolsa, her iki ýyldan bir gezek geçirilýär.

Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyna 53-den gowrak döwletden 243-den gowrak türgne gatnaşýar. Şu gezekki dünýä çempionatynda ýaryşlar agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler. Her agram derejesinde 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gowşurylar. Şeýlelikde, baýrakly orunlaryň jemi 60-sy bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri

Aşgabat 2026-njy ýylda Russiýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryny kabul eder

Milli Liderimiz: Türkmen-rus uniwersitetini döretmek taslamasy dowam etdiriler