DÜNÝÄ

Aşgabatda halkara ulag forumy geçirilýär

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu ulag forumy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň başlangyjy esasynda «Türkmendemirýollary»,  «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendeňizderýaýollary», «Türkmenhowaýollary» agentlikleriniň, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň guramagynda Türkmen logistika assosiasiýasy hem-de «Türkmen Forum» kompaniýasy bilen bilelikde geçirilýär.

Halkara maslahat dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan ulag ulgamy boýunça bilermenleriňdir hünärmenleriň gatnaşmagynda utgaşykly görnüşde geçirilýär. Hususan-da, foruma gatnaşyjylaryň 400-den gowragy hasaba alyndy. Şolaryň 170-den gowragy daşary ýurt kompaniýalarynyň, 90-a golaýy bolsa türkmen kärhanalarynyňdyr edaralarynyň wekilleridir. Halkara üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan nobatdaky forum diňe bir döwlet edaralarynyň däl, eýsem, hususy düzümleriň hem ýolbaşçylarynydyr wekillerini bir meýdançada jemläp, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklarydyr gepleşikleri geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler döredildi.

Forumyň plenar mejlisinde we bölümçelerdäki mejlislerde sebit hem-de sebitara derejede özara arabaglanyşygy, ösüşi berkitmek üçin üstaşyr ulag geçelgelerini dikeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar üçin Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Aşgabat Halkara howa menziline, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna tanyşlyk gezelençlerini guramak hem göz öňünde tutulýar.

 

Türkmen türgenlerı – «Ýüpek ýoly» rallisinde ähli baýrakly orunlary eýeledi

Ýene-de okaň

Si Szinpin «Mançester Ýunaýted» toparynyň janköýeri çykdy

“Bagy-bossan Watanym!” atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi

“Öýde ýeke özi”: Kewiniň ejesi aradan çykdy

Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi

«Turkic World» atly halkara habarlar internet portaly 2026-njy ýylda geçiriljek çäreleriň maglumat taýdan şöhlelendirilmegini amala aşyrar

Türkmenistan Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görýär