JEMGYÝET

Aşgabatda GDA-nyň zähmet boýunça geňeşiniň maslahaty geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow iri halkara guramalaryň we abraýly sebit düzümleriniň, hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraply pudaklaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky 37-nji mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, bu geňeşiň işine işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini, Arkalaşygyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklary giňeldýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmeli diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Dr. Dowran Orazgylyjow: “Makul Iňlisçe–Türkmençe” dil gollanmasy – intellektual başlangyç

Ata Watan Eserleri