BIZNES

Aşgabatda Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen işewür duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda EYR-nyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň  häkimi  Bahman Nuriniň ýolbaşçylygyndaky işewür wekiliýet bilen  duşuşyk gurnaldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Türkmenistanyň Senagatçylar we  telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.

Myhmanlar 2024-nji ýylda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş saparyny hoşallyk bilen ýatlap, türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda goňşuçylyk hem dost-doganlyk ýörelgelerine laýyklykda alnyp barylýan özara bähbitli hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändiklerini nygtadylar.

Duşuşykda Ahal welaýatynyň we Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň arasynda syýahatçylyk, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek babatda pikir alşylyp, haryt üpjünçiligi, eksport, import meselelerine hem üns berildi.

Şeýle-de häzirki wagtda Türkmenistanda ägirt uly gurluşyk taslamalarynyň alnyp barylýandygy nygtalyp, Demirgazyk Horosan welaýatynyň wekiliýeti gurluşyk hem senagat ulgamynda Türkmenistan bilen işewür gatnaşyga taýýardygyny mälim etdi.

Türkmen wekiliýeti hem 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 20-22-ne  Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde geçiriljek Eýran  Yslam respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen sergisini iki goňşy döwletiň hyzmatdaşlygynyň günsaýyn netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň  nobatdaky subutnamasy hökmünde belledi we türkmen-eýran dostlugynyň ebedi bolmagyny arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda işewürler duşuşygynyň iki ýurduň özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny  dürli ugurlar boýunça ösdürmekde hem-de ykdysady mümkinçilikleri ýaýbaňlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy