JEMGYÝET

Aşgabatda “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi açyldy

Şu gün ýurdumyzda ýene-de bir hünär baýramçylygy – Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe çäreler guraldy. Oňa “Atawatan Media” topary hem gatnaşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi açyldy. Onuň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow, Türkmenistandaky daşary ýurtlaryň ilçileri, halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek we dünýä ülňülerine laýyklykda ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak maksady bilen, açylan “Diplomatik protokol” atly ýöriteleşdirilen okuw merkezi protokol işleri boýunça diňleýjilere okuwlar guralar.

Merkezde okuw 2024-nji ýylyň 1-nji martynda başlar. 2 sagat dowam etjek sapaklar önümçilige päsgelçiliksiz geçiriler. Iki aýlyk umumy okuw 120 sagatlyk sapak üçin niýetlenendir.

Açylyş dabarasynda bellenilip geçilişi ýaly, okuw merkezinde diplomatik gatnaşyklarda möhüm orun eýeleýän protokol işiniň ähmiýeti düşündirilip, bu ýerdäki diňleýjileriň ýurdumyzda geçiriljek iri halkara çärelerinde diplomatik protokol işlerine iş tejribeçiliginde hem giňden ulanyljakdygy bellenildi.

Şeýle hem açylyş dabarasynda daşary ýurtly ilçilere hem bu ugurda hyzmatdaşlyk teklipleri edildi. Hususan-da, daşary ýurtly ilçilerine öz ýurdunyň tejribeli diplomatlarynyň bu okuw merkezindäki diňleýjileriniň tejribeleri paýlaşmagy ugrunda bilelikde iş alyp barmak babatda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine seredilip bilinjekdigi aýdyldy.

Şeýlelikde, bu merkez halkara gatnaşyklarda Türkmenistanyň bähbitlerine mynasyp wekilçilik edip biljek we dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary bilimli diplomatik işgärleri taýýarlamak babatda möhüm orun degişli bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Aşgabatda iňlis dili boýunça V halkara internet olimpiadasy geçiriler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasyna sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri