DÜNÝÄ

Aşgabatda Azerbaýjanyň Ýeňiş güni we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

Ýeňiş Güni, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet Baýdagynyň Güni mynasybetli Azerbaýjan Respublikasynyň Turkmenistandaky Ilçihanasynda kabul edişlik geçirildi.

Ilçihanadan berilen maglumata görä, çärede çykyş eden ilçi Gismat Gozalow bu möhüm seneleriň ähmiýetini belledi. Ilçi öz çykyşynda ýurdumyzyň Ýokary Baş Serkerdebaşysy, Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Aliýewiň ýolbaşçylygynda 44 günlük Watançylyk urşunda taryhy Ýeňiş gazanandygyny belledi. Bu Ýeňiş Azerbaýjan halkynyň erk-isleginiň, agzybirliginiň we adalatlylygynyň ýeňşidir.

Ilçi doganlyk ýurt bolan Türkmenistanyň goldawy bilen Fizuli şäherinde metjidiň gurulmagynyň hem ähmiýetiniň uludygyny, bu başlangyjyň türki dünýäsiniň umumy gymmatlyklaryna berilýän ýokary ähmiýetiň görkezijisi bolup durýandygyny aýtdy.

Azerbaýjan-Türkmenistan ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada çykyş eden Ilçi, iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni we dini umumy gymmatlyklaryň strategik hyzmatdaşlygyň esasyny düzýändigini aýtdy. Azerbaýjan we Türkmenistanyň arasyndaky doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary soňky döwürde ösüş ýoluny geçip has hem pugtalandy. 2025-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli özara saparlar we duşuşyklar bilen täze tapgyra gadam basyldy. Bu çäreler hem ikitaraplaýyn, hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagyna uly goşant goşýar. Bu ýyl ýokary derejeli geçirilen ikitaraplaýyn saparlar we üçtaraplaýyn ýokary derejeli duşuşyklar hyzmatdaşlygymyzyň ösüşine we halklarymyzyň ýakynlaşmagyna uly goşant goşdy.

Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Azerbaýjan halkyny Ýeňiş güni bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Azerbaýjan arasynda doganlyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek barada öz pikirlerini beýan etdi.

Kabul edişligiň çäklerinde myhmanlara hödür-kerem edildi, şeýle hem  Azerbaýjan we dünýä kompozitorlarynyň, esasanam beýik Üzeyir Hajybeýliniň sazlary ýerine ýetirildi.

Dabara Türkmenistanda akkreditasiýa edilen daşary ýurt diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, jemgyýetçilik wekilleri, şeýle hem Türkmenistanda ýaşaýan azerbaýjanlylar gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi

TÜRKSOÝ-yň binasynda türkmen kinosynyň 100 ýyllygy bellendi