SIZDEN GELENLER

Aşgabat – Watanymyzyň ýüregi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz ösüşlere beslenip, toý-baýramlarymyzyň dabarasy dag aşýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň toý dabaralary hem bu hakykata aýdyň şaýatlyk etdi. Ak mermerli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde il-agzybirliginde, döwlet berkararlygynda geçen dabaralar halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendigini dünýä äşgär etdi.

Häzirki wagtda bagtyýar türkmen halky Aşgabat şäheriniň gününi giňden belläp geçmegiň öňüsyrasynda dur. Aşgabat çalt depginde ösýän şäher bolup, onuň binagärlik keşbinde Watanymyzyň ösüşleri, döwrümiziň döredijilik ruhy aýdyň duýulýar. Şoňa görä-de, ak mermere beslenen şäherimize buýsanýarys, oňa bolan söýgimiz tükeniksizdir.

Häzirki döwürde ak mermerli Aşgabat Aziýanyň “merjen şäheri” diýen ykrarnama eýe boldy we dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we paýhasly baştutanlygy esasynda paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, adamlara has amatly durmuş şertleriniň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Aşgabat ajaýyp binagärlik çözgütleri bolan täze desgalaryň we kaşaň binalaryň gurulmagy bilen barha gözelleşýär. Şäher düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň netijesinde, aşgabatlylar halkara ölçeglere kybap gelýän amatlyklar we oňyn şertler bilen üpjün edilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzda etraplar tutuşlygyna döwrebaplaşdyryldy. Täze iri ýaşaýyş toplumlary kemala geldi we durmuş hem-de beýleki maksatly köp sanly desgalar guruldy.

2013-nji ýylda döredilen bu baýram her ýyl täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Aziýanyň merjeni bolan Aşgabat bu gün älem-jahanyň üns merkezinde. Günsaýyn özgerýän, gözelleşýän paýtagtymyz ajaýyp ak mermere beslenýän beýik ymaratlary, kaşaň jaýlary, giň we owadan köçeleri, seýilgähleri bilen bu ýere myhman bolup gelenleri haýran galdyrýar. Milli Liderimiziň döredijilik zehininiň, sungat eseriniň nyşany bolan ak şäherimiz Aşgabat parahatçylygyň, dostluk-doganlygyň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ynanyşmagyň mekanyna öwrüldi.

Ýurdumyzda şähergurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin kämil bilim ulgamy döredildi. Şu mümkinçiligi giňden ulanyp hem-de ösdürip, ýaş binagärleriň, dizaýnerleriň, inženerleriň döredijilik başlangyçlaryny, täzeçil tekliplerini yzygiderli höweslendirip durulýar.

Paýtagtymyzyň täze desgalary, ýaşaýyş jaý we beýleki binagärlik toplumlary şäheriň ajaýyp tebigaty bilen sazlaşykly gurulýar. Tutuş Diýarymyzda bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde hem amala aşyrylýan düýpli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde häzirki zaman durmuş-ykdysady düzümini döretmäge köp maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Şol düzüm bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, dynç almagy hem-de döredijilikli zähmet çekmegi üçin has amatly şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Agamyrat Guwanjow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri