SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Aşgabat-Stambul ugry boýunça uçar gatnawlaryň sany artdyryldy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul ugry boýunça awiagatnawlarynyň sanyny artdyrdy. Bu barada Aşgabadyň Halkara howa menziliginiň sorag-jogap gullugy habar berýär.

Mundan ozal, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul ugry boýunça hepdede 4 uçar gatnawyny amala aşyrýardy. Mundan beýläk, bu gatnawlaryň sany 5-ä ýetirildi. 

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Stambul ugry boýunça  duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe we şenbe günleri uçar gatnawlaryny ýerine ýetirer.

Bu gatnawlar ýanwar aýyndan başlap köpeldi. 2023-nji ýylyň fewral aýy üçin bu ugurdaky bir taraplaýyn biletleriň iň pes bahasy 4877 manat 50 teňňedir.

Şeýle hem bu baradaky maglumatlar awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndaky awiapetekleriň satuwy baradaky maglumatlardan hem görmek bolýar. 

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Dubaýa (BAE), Abu-Dabä (BAE), Frankfurta (Germaniýa), Stambula (Türkiýe), Kazana (Tatarstan, RF) we Moskwa (RF) yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar.

Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça gatnawlary amala aşyrýan awiakompaniýalaryň ýene-de biri “Türkhowaýollary” awiakompaniýasydyr. Bu kompaniýa Türkmenistan-Türkiýe ugry boýunça hepdede 6 gatnaw amala aşyrýar.

Öň habar berişimiz ýaly,  2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, türk awiakompaniýasy Stambul-Aşgabat ugry boýunça 4 gatnaw, Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça 2 gatnaw amala aşyrar. Stambul-Aşgabat ugry boýunça duşenbe, çarşenbe,  anna we şenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar. Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça bolsa  sişenbe we penşenbe günlerinde adaty uçar gatnawlaryny amala aşyrar.

Türkiýä barmak üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan wiza talap edilýär.

Wiza almak we bular bilen baglanyşykly has giňişleýin maglumatlary saýtymyzdan we “You Tube” kanalymyzdan tapyp bilersiňiz. Wiza almak üçin gerekli resminamalaryň toplumyny Aýtakow-Ýubileýniý çatrygynyň ugrunda, “Rysgal” bankyň ýanyndaky A blok binasynda ýerleşýän “Makul Hyzmat” Terjime merkezinden terjime edip hem biljekdigiňizi ýatlatmak isleýäris. 

Habarlaşmak üçin : 863 78 96 73 / 96 48 55 makulhyzmat@gmail.com 

 

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Inçhon-Aşgabat-Stambul gatnawlaryny ýola goýar

Ankara türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy

Ata Watan Eserleri

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar

Raýat awiasiýasynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy