Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr, ol Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilendir we şol bir wagtyň özünde ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi bolup durýandyr.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizioldi we bu neşiriň degişli şahadatnamasy gowşurdyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý paýtagtyň güni – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy.
Her ýyl 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenilýär. Bu baýramçylyk şol gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde geçirilýän “Soňky jaň” dabaralary bilen utgaşyp, has-da özboluşly häsiýete eýe bolýar.
Aşgabat şäheri gözelligiň nusgasy bolmak bilen, ata Watanymyzyň buýsanjydyr. Paýtagtymyz dünýä jemgyýetçiliginiň hem halkara merkezine öwrüldi.
Türkmen paýtagtynyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebitleýin we halkara merkezi hökmündäki abraýy hem barha artýar. Bu ýerde 2007-nji ýylda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza-döwletleriniň we agzalarynyň goldaw bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşendir.
Bu günki günde Aşgabat şäheri ulag ulgamy awtomobil, demir ýol we howa ulag görnüşlerinden ybaratdyr. Paýtagtda halkara howa menzili hereket edýär. Aşgabat Türkmenistanyň iri aragatnaşyk ulgamy bolup durýar. Bu ýerde tele we radiokommunikasiýalarynyň, sanly hemra aragatnaşygynyň ösen tory döredilendir. Türkmenistanyň paýtagty iri söwda merkezi bolup durýandyr. Ýurduň umumy söwda dolanyşygynda Aşgabat öňdebaryjy orny eýeleýändir.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gözel paýtagtymyz Aşgabadyň syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündaki orny gitdigiçe giňeýär we berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ak şäherimiz Aşgabat özüniň özboluşly bir owadan binagärlik keşbi bilen dünýäniň rekordlar şäherine öwrüldi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň ýedisiniň Ginnessiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr.
Döwletýar Orazmuhammedow,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.