Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýew bilen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – emeli intellekt we sanly ösüş ministri Žaslan Madiýewiň we wise-ministr Dosžan Musaliýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Taraplar hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny, şol sanda sanly ykdysadyýeti we elektron hökümeti ösdürmek, halkara maglumat üstaşyr geçirijilik ukybyny artdyrmak, emeli intellekt ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak, “Kazpoçta” (Gazagystanyň Poçtasy) АТ arkaly sanly söwdanyň geljegi, kosmos pudagynda özara hereket etmek, şeýle hem Gazagystanyň Almatydaky ESKATO-nyň goldawy bilen Durnukly Ösüş üçin Sebit sanly çözgütler merkezini döretmek baradaky başlangyjyny goldamak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar Gazagystanyň we Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamlarynyň halkara çatrygyny guramak taslamasyna aýratyn üns berdiler. Bu, iki döwletiň ulgamlarynyň arasynda göni we ygtybarly birikmäni döretmäge gönükdirilen möhüm infrastruktura başlangyjydyr.
Taslama Temirbaba (Gazagystan) – Bekdaş (Türkmenistan) böleginde ýerasty süýümli-optiki aragatnaşyk liniýasyny gurmagy göz öňünde tutýar. Bu liniýany durmuşa geçirmek sebitiň üstaşyr kuwwatyny güýçlendirip, halkara aragatnaşyk kanallarynyň geçirijilik ukybyny artdyrar we Merkezi Aziýada täze sanly ýollary döretmäge mümkinçilik berer.
Saparyň çäklerinde “TNS-Plus” (Gazagystan) BÝJ bilen “Türkmentelekom” (Türkmenistan) kompaniýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi. Resminama kabel serhet geçelgesini gurmak we iki ýurduň magistral telekommunikasiýa ulgamlaryny birleşdirmek baradaky ylalaşygy berkidýär.
Taslamany durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki iş topary dörediler. Ol geljekki liniýanyň tehniki ölçeglerini, döwlet serhedini kesip geçýän nokadyny kesgitlär we taslama resminamalaryny taýýarlar.
Esasy gurluşyk işleriniň ähtnama gol çekilenden soň 12 aýyň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar.
Bu taslama möhüm döwletara derejesine eýedir: ol Gazagystan bilen Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň teswirnamasyan girizildi we degişli edaralar derejesinde syýasy goldaw tapdy. Onuň durmuşa geçirilmegi sebitiň sanly baglanyşygyny ep-esli ýokarlandyryp, telekommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirer we iki döwletiň arasyndaky halkara aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini täze derejä çykarar.
