Häzirki wagtda — gyş paslynyň dowam edýän döwründe gar-ýagşyň ýagmagy, sowuk howa netijesinde, ýagan garyň doňup, sürçek emele gelip bilýändigi bilen baglylykda, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek günüň wajyp wezipeleriniň biridir. Ony öz wagtynda ýerine ýetirmekde jemagat gullugynyň işgärleri gijesini gündiz zähmet çekýärler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda adatdan daşary sowuk howa ýagdaýy dowam edýär. Habar çeşmelerinde käbir sebitlerde kadasyndan 10 — 16 dereje pes bolmagyna garaşylýan sowuk howanyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam etjekdigi barada aýdylýar.
Paýtagtymyzda garyň ýagyp başlamagy bilen, biz hem derrew degişli işlerimize, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky çärelere girişdik. 200-e golaý tehnikamyzdan peýdalanyp, şäheriň ýollaryny, esasy gatnawly köçelerini gardan arassalamaga başladyk. Ýollardaky gary aýyrmak, şol bir wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadaly işleýşine gözegçilik etmek babatda iki çalşykda, ýagny gündizki we gijeki tertipde müňden gowrak işgärimiziň nobatçylygyny ýola goýduk. Iş wezipelerimizi netijeli ýerine ýetirmek üçin gyş günlerinde, garyň ýagmagy bilen baglylykda, esasan-da, ýollary ýuwujy, süpüriji, gardan arassalaýjy tehnikalarymyzdan bökdençsiz we netijeli peýdalanylýar. Işgärlerimiziň ýadawsyz, netijeli zähmeti, öz wagtynda geçirilen arassaçylyk çäreleri esasynda, paýtagtymyzyň köçelerinde, köp gatnawly ýollarynda garyň doňup, ulaglaryň-da, pyýadalaryň-da howpsuz hereketini kynlaşdyrýan sürçegiň emele gelmeginiň öňi alyndy — diýip, Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň başlygy Orazmuhammet Hojagulyýew gürrüň berdi.