MEDENIÝET

Aşgabady wasp etmek bäsleşiginiň ýeňijisi – Atageldi Garýagdyýew

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Aşgabady wasp etmek boýunça geçirilen bäsleşikde «Aşgabat» atly aýdymy bilen Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew ýeňiji boldy.

Bu barada Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň “Türkmenistan” gazetinde bäsleşikde ýeňiji bolandygy üçin beýän eden ýürek arzuwlary baradaky makalasynda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ýanwar aýynda «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumynda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşlygynyň dowamynda Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärlerini, aýdymçylary we kompozitorlary täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, paýtagtymyz hakynda birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belläpdi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Aşgabady wasp etmek boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtapdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen geçirilen bäsleşikdeTürkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Aşgabat» atly aýdymy bilen ýeňiji boldy. Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýyndan ybarat «Aşgabat» binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz ýeňijä baýragyny gowşurdy.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewe döwrebap kysymly, önümçilikde soňky goýberiliş bolan awtoulag sowgat edildi.

 

ÝB-niň ýörite wekili Türkmenistana sapara geler

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary