Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni uly üstünliklere, şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan syýasy, ykdysady we medeni özgertmeleriň ählisi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda uzak geljegi nazarlaýan, giň gerimli, maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, milli ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagy, ähli ugurlara innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen şöhratlanýar.
Ýurdumyzyň täze eýýamdaky ösüşleri ýaş nesilelr bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin üstümizdäki ýyl – Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edildi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň başarjaň, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna berk ynanýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bu ýylky beýik ösüşlerimize bagtyýar ýaşlarymyzyň hemmetaraplaýyn goşant goşjakdygyny görkezýär. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olaryň ylym-bilime höwesini artdyrmak ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.
Şunda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini açmagy, hünärine kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy, döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezmegi, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilendir. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik ýörelgeleriniň biri bolan halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilýär.
Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlaryň gujur-gaýratyna, ukybyna uly ynam bildirilýändigini beýan edýär. Täze taryhy döwürde ýaşlar öz zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Olaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem olaryň ukyp-başarnyklary sanly ulgamy ösdürmekde hem, işleri döwrebap alyp barmakda hem aýratyn ähmiýetlidir.
Bu günki gün biz ýaşlarymyza tüýs ýürekden buýsanýarys. Çünki biz mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň halkara bäsleşiklerinde uly üstünlikleri gazanýandyklaryny görýäris. Şunuň özi hem ýaşlarymyzyň zehinlidigini, bilimlidigini aýdyň beýan edýär. Şeýle ýaşlar ösüşlere goşant goşmaga hem, işleri üstünlikli alyp barmaga hem ukyplydyrlar. Görnüşi ýaly, ýaşlar Watanymyzyň nurana geljeginiň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine belent maksatlary durmuşa geçirýärler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara uly ynam bildirilýär, olaryň bilim almagyna we ösüşlere goşant goşmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi hem röwşen geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny alamatlandyrýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaş nesilleriň bagtly geljegi üçin uly alada edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar barada uly alada edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlaryň okamagy, işlemegi üçin döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz ýaşlara bil baglaýar, uly ynam bildirýär, çünki kalby ata Watanymyza söýgüden doly ýaşlar geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmelidir.
Resulberdi Ataýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
