SPORT

«Arkadag» topary möwsümi 3 kubok bilen tamamlady

Şu gün, 23-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Kubogy – 2024-iň final duşuşygynyň yzysüresi Ýokary liganyň hem-de ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy bolup geçdi.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” stadionynda geçirilen sylag gowşurylyş dabarasynda ýurdumyzyň futbol çempionatynyň hem-de birinjiliginiň jemi boýunça ilkinji üç orny eýelän toparlara baýraklary TFF-niň başlygy Guwançmuhammet Öwekow, TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew hem-de  Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekili Juma Jumaýew dagy gowşurdy.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy. Wladimir Baýramowyň tälim berýänleri çempionatyň dowamynda ýeke utuk ýitirmezden çempion bolmagy başardylar.

Ikinji orny wagtyndan öň «Ahal» topary (67 utuk) eýelän bolsa, «Altyn Asyr» topary (59 utuk) çempionaty üçünji orunda tamamlady.

30 duşuşykda 83 utuk toplan «Arkadag II» topary ilkinji döredilen ýyly ýaşlar birinjiligini birinji orunda tamamlamagy başardy. Geçirilen duşuşyklarda 69 hem-de 57 utukdan toplan «Ahal II» bilen «Altyn Asyr II» toparlary birinjiligi degişlilikde ikinjidir, üçünji orunlarda tamamladylar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy