Her ýyla mynasyp at berilmegi ýurdumyzda indi asylly däbe öwrüldi. Bu ýagdaý döwletimizi ösdürmegiň möhüm ugurlaryna ünsi çekmäge, il-ýurt bähbitli beýik işlere, özgertmelere giň ýol açýar. Ýagşy niýetler, uly arzuw-umytlar bilen garşylan täze, 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa biz — ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgimizi we döredijilikli zähmet çekmäge yhlas-höwesimizi has-da artdyrdy.
Gahryman Arkadagymyz: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn» diýip, ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagynda nygtapdy. Munuň özi şu günki günüň ýaş nesillerine bildirilýän belent ynamdyr.
Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygyny nygtaýar. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserinde bolsa: «Geljegimize ynamlylygymyz watançy, akylly-başly oýlanyp bilýän ýaşlarymyza baglydyr» diýip belleýär.
Häzirki döwürde ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine, olaryň giň dünýägaraýşyna aýratyn üns berilýär. Şonuň üçin hem bilim bermegiň iň kämil we döwrebap ugurlary durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi beýik işleriň döwrebap dowam etdirilýändigini, kämil hünärmenleriň ýetişdirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, ösüşler, belent üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Şeýle belent üstünlikler ýaşlarda watansöýüjiligi kemala getirýär. Bu günki günde buýsançly ýaşlar bilim öwrenip, döwrebap tehnologiýalara erk edýärler, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýärler. Şeýle hem ýaşlar milli gymmatlyklarymyzy, medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy ylmy esasda öwrenmek üçin halypa mugallymlardan tejribe alýarlar. Bu bolsa olaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna oňat ýardam edýär.
Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, iň kämil we çylşyrymly tehnologiýaly iri kärhanalarda döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ýaşlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge uly goşant goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar syýasaty milli kanunçylygyň çäklerinde hem-de umumy ykrar edilen kadalaryň esasynda üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki zaman dünýäsiniň syýasy, ykdysady we durmuş şertlerinde ýaşlar diňe bir döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşlerinde strategik güýç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, halkara gatnaşyklarda hem möhüm orny eýeleýärler.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly düşümli, rysgally, saglykly, üstünlikli ýyl bolsun! Her bir maşgala bagt, şatlyk, egsilmez döwlet getirsin!
Aýlar Baýramowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň Iňlis dili hünäriniň 5-nji ýyl talyby.