SIZDEN GELENLER

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlara uly ynam bildirilýär

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, ýetip gelýän täze, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly diýlip yglan edildi. 2023-nji ýylyň şygarynyň çuňňur manysy bar.

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yglan eden strategik ugrunda mynasyp dowam edýär. Bu strategik ugruň esasy maksady döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasyndaky çykyşyndaky «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuň manyly sözlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy.

Mähriban Watanymyzyň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini artdyrmakda, aýratyn-da, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmäge degişli örän wajyp wezipeler öňde goýulýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 14-nji iýunynda Maslahatlar merkezinde ýaşlaryň gatnaşmagynda geçiren maslahatyndaky taryhy çykyşynda: «Geljekki nesil hakynda alada — munuň özi ertirki güne iň bir ygtybarly, akylly-başly maýa goýumydyr, bilim ulgamy, ilkinji nobatda, ýaşlar syýasatydyr, ertirki günüň aladasydyr» diýip, aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet tarapyndan ýaşlaryň dünýäniň abraýly we öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegi häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň buýurmalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary boýunça daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek işi ýola goýuldy. Şeýle hem birnäçe ýyllaryň dowamynda hökümetara ylalaşyklar we degişli maksatnamalar esasynda, Wengriýa, Rumyniýa, Hytaý we beýleki döwletlerde türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlar boýunça bilim almaklary babatynda giň mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki berkarar döwletimizde ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.

Hä­zir­ki wagt­da eziz Di­ýa­ry­myz­da ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. El­bet­de, oka­mak we öw­ren­mek, sport bi­len meş­gul­lan­mak, dö­re­di­ji­lik­li we yh­las­ly zäh­met çek­mek bi­len, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ne my­na­syp go­şant goş­mak bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Di­ýa­ry­myz­da hal­ky­my­zyň baý me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak we öw­ren­mek, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, däp-des­sur­la­ry­my­zy wa­gyz et­mek ar­ka­ly sag­dyn, bi­lim­li, ýo­ka­ry aň-dü­şün­je­li, wa­tan­sö­ýü­ji ýaş ne­sil­ler üçin mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler yzy­gi­der­li ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ýaş ra­ýat­la­ry­nyň döw­le­tiň we jem­gy­ýe­tiň yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy we me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gat­naş­mak­la­ry­ny ga­zan­mak, şeý­le hem olar­da be­lent ru­hy-ah­lak ýö­rel­ge­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek, ösüp gel­ýän nes­li wa­tan­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik hem-de zäh­met­sö­ýer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek işi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­daky ta­ry­hy çy­ky­şyn­da: «Ýaş­la­ry­my­zyň ru­hy-ah­lak, me­de­ni, aň-bi­lim we be­den taý­dan ösü­şi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Çün­ki ylym­ly-bi­lim­li, sag­dyn ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuw­wat­ly güý­jü­dir, nu­ra­na gel­je­gi­dir» di­ýip, uly buý­sanç bi­len bel­le­me­gi biz — mu­gal­ly­mla­ryň öňün­de hem uly jo­gap­kär­çi­li­gi goý­dy. Çün­ki Wa­ta­nyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny, ab­ra­ýy­ny-şa­ny­ny beý­gelt­me­li yn­san­lar bi­ziň şu gün­ki ýe­tiş­dir­ýän kä­mil ne­sil­le­ri­miz bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Ýaşlarymyzyň bu asylly maksadyna ýetmeklerine ýardam etmekde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçen ýyl kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm gollanma, ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini hem-de esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu Maksatnamada ýaş nesillere döwlet goldawynyň möhüm ugurlary beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşma-gynda ýaňy-ýakynda geçirilen gurultaýda bolsa bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýady has-da berkidildi: «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi hem-de olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri babatda döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen bu Kanun ýaşlaryň ýurdumyzyň syýasy–ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşyp, döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa esasy zatdyr. Sebäbi Arkadagly Serdarymyz: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýip, olara uly ynam bildirýär.

Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň ylym-bi­lim dün­ýä­si­ne çuň­ňur ara­laş­mak­la­ry, ola­ryň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­nyň ýü­ze çy­ka­ryl­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun!

Baýrammuhammet Atanepesow,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün