JEMGYÝET

Arkadag şäherinde çagalaryň geljegine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

Milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine dört ýyl doldy. Şu mynasybetli gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli Merkezi Aziýanyň ilkinji “akylly” şäheri bolan Arkadag şäherinde «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirildi.

Oňuň işine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa başlyklyk etdi. Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň ençeme ýurdundan, hususan-da, Özbegistandna, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Eýrandan, Gruziýadan, Belarusdan, Russiýadan, Ýewropa döwletlerinden köp sanly ýokary derejeli wekiliýet ýurdumyza geldi.

Olaryň hatarynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa, Türkiýe Respublikasynyň maşgala we durmuş hyzmatlary ministri Mahunir Özdemir Göktaş, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzaneh Sadeghi Malwajerd, Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko we beýlekiler bar.

GAZNANYŇ BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENDI

“Ata Watan Media” toparynyň hem çagyrylan gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar Arkadag şäheriniň sirkinden başlady. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşigi jemleri jemlendi.

Ondan ozal, Türkmenistan döwletimize dünýä döwletlerinde geçirilýän sirk festiwallarynda mynasyp wekilçilik edýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary hemmeler üçin hakyky sowgat boldy.

Soňra bäşleşigiň jemleri jemlendi. Bu bäsleşik 4 (dört) ýaşdan 11 (on bir) ýaşa çenli çagalar arasynda geçirilip, türkmen milli oýunlary, aýdym-saz we tans sungaty hem-de surat çekmek we amaly haşam sungaty ugurlary boýunça geçirildi.

Bäsleşikde mynasyp bolan çagalaryň baýraklaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Jalpa Ratna we beýlekiler gowşurdylar.

Bäsleşigiň baş baýragynyň ýeňijisiniň baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabaraly ýagdaýda gowşurdy we ýeňiji bolan çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra myhmanlar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine baryp gördüler. Bu merkezde çagalara edilýän döwrebap hyzmatlar bilen tanşan myhmanlar merkeziň işine ýokary baha berdiler.

ÇAGALARYŇ ÝAGTY GELJEGINE BAGYŞLANAN FORUM

Soňra Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynyň uly mejlisler zalynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahaty geçirildi. Oňa başlyklyk eden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa maslahaty BMG-niň resmi dilleriniň biri bolan iňlis dilinde alyp bardy.

O. Atabaýewa maslahatda eden çykyşynda ýurdumyzda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanyň ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyna ygrarly bolup durýandygyny belläp, gaznanyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Soňra maslahatda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi Saida Mirziýoýewa, Türkiýe Respublikasynyň maşgala we durmuş hyzmatlary ministri Mahunir Özdemir Göktaş, Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şäher ösüşi ministri Farzaneh Sadeghi Malwajerd, Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri Akmaral Alnazarowa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko we beýlekiler çykyş etdiler.

Ýene-de okaň

Aşgabatda awtobuslaryň käbiriniň gatnaw ugurlary wagtlaýyn üýtgedilýär

Ata Watan Eserleri

Wengriýada okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Hytaýda okamak isleýän türkmen ýaşlary üçin resminamalary kabul edişlik başlady

Türkmenistanyň käbir etraplaryna prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanda täze kazylar bellendi we olara hünär derejesi berildi

Balkan we Daşoguz welaýatlaryna täze prokuror bellendi