DÜNÝÄ

Arkadag şäherinde ahalteke atçylygy boýunça ÝUNESKO kluby dörediler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ÝUNESKO-nyň işleri barada jogapkär agzalary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşulmagy bilen bagly, hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmek boýunça öňde duran, amala aşyrylmaly işler barada hasabatlar  diňlenildi.

Mejlise gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmek biziň ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamamyzyň biziň ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda amala aşyrýan işleriniň logiki dowamy bolar diýip belläp geçdiler.

Şeýle-de, mejlisde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen ugurlaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylmaly işler barada durup geçildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar