Geçen şenbede türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly işler bilen tanyşdy hem-de täze şäherde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet ähmiýetli şäheriň ikinji tapgyrynda senagat önümçiliklerini ýola goýmak, lukmançylyk klasterini döretmek boýunça alnyp barylýan işlere hem seredildi.
“Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, Milli Liderimiziň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän çig mal binýady bolan Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterini döretmek boýunça işlere badalga berildi.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýetli klaster üçin 100 gektara golaý ýer bölünip berildi.
Lukmançylyk klasteriniň düzümine girjek önümçilik toplumlary häzirden döredilip başlandy. Olarda öndürilýän önümleriň çig malynyň 100 göteriminiň özümizde öndürilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasyp.
Golaýda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri, agyz-burun örtükleri, düşek daşlyklary öndürilip başlandy. Kärhanada dokalmadyk matalaryň dürli görnüşlerini, şol sanda spanbond öndürmekde we ondan dünýäde ýokary islegli harytlary taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar.
Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň önümleri bilen ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şol sanda Arkadag şäheriniň lukmançylyk edaralarynyň zerurlyklary üpjün ediler. Onda öndüriljek önümler diňe bir içerki sarp edijileri doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletiň eksport mümkinçiliklerini-de artdyrar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Ýewropanyň birnäçe ýurtlarynda, Türkiýe Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda iş saparlarynda bolnup, Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik desgalarynyň, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna degişli kärhanalaryň gurluşygy boýunça tejribe alşyldy. Bu babatda Koreýa Respublikasynyň hem tejribesi öwrenildi.
