SIZDEN GELENLER

Arkadag şäheri – ýaşlaryň şäheri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary esasynda taryh üçin gysga döwürde Köpetdagyň eteginde sebitde ilkinji «akylly» şäheriň gurulmagy ajaýyp zamanamyzyň bedew batly ösüşleriniň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, Arkadag şäheriniň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärçiligiň, bezegiň tehnologik üpjünçiliginiň iň gowy nusgasyny özünde jemleýär.

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalaryny dabaraly ýagdaýda ulanmaga bermäge bagyşlanan toý uludan tutuldy. Bu ýerde medeni-durmuş maksatly desgalaryň 336-sy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda her biri 720 orunlyk umumybilim berýän mekdepleriň 5-si, 320 orunlyk çagalar baglarynyň 9-sy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreş gullugynyň, şäher häkimliginiň edara binalary, muzeý, «Saglyk» seýilgähi, söwda we hyzmat ediş toplumy, köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 100-den gowragy, demir ýol menzili, şäheriň awtotoplumy we bellige alyş bölümi, awtomenzil gurlar.

Arkadag şäheri häzirkizaman şähergurluşyk düzümi, «akylly» şäher konsepsiýasy, gerimi, mazmuny, täzeçilligi bilen haýran galdyrýar. Bu ýerde gurulýan durmuş-medeni maksatly desgalaryň, edara binalarynyň her biri öz binagärlik aýratynlyklary, bezeg serişdeleri bilen bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Tutuşlygyna alnanda, Arkadag şäheri sebitde ilkinji «akylly» şäher boldy.

Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň ýaşlaryň şäheri bolmagyny belleýär. Türkmenistan bu şäheri gurmak bilen, ösüş arkaly parahatçylygy äleme jar edýär. Gurýan ýurduň gurpludygyny Arkadag şäheri tassyklaýar. Täze şäheriň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde nusgalyk şäher, çünki «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen ajaýyp şäherde sanly ulgamyň iň döwrebap nusgalaryny görmek bolýar. Şu ýerde «akylly» öýler hakynda durup geçsek, ylmyň şeýle ýokary derejede ösýän döwründe iň täze tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy ykdysadyýetimiziň ösýänliginden habar berýär.

Gözelligi akylyňy haýrana goýýan Arkadag şäheri — bagtyýar zamanamyzda gazanylýan ösüşleriň aýdyň subudy. Belläp geçsek, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, bu şäheriň birinji tapygyrynyň gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken kararyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry 2023 – 2026-njy ýyllarda amala aşyrylar.

    Sebitiň ilkinji «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilmegidir. Öz gezeginde, bu beýik üstünlik ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň ýene bir güwäsine öwrüldi.

Bu gün täze şäherde döredijilikli durmuş, bagtyýarlyk höküm sürýär. Ýaşlar iň häzirki zaman okuw enjamlary bilen üpjün edilen, köşk ýaly ak mermerli mekdeplerde bilim alýarlar, hünär öwrenýärler, körpeler döwrebap çagalar baglarynda terbiýelenýärler. Arkadag şäheriniň edara-kärhanalarynda bolsa, bagtdan paýly ýaş hünärmenlerimiz zähmet çekýärler. Munuň özi ýurdumyzyň barha ösüp-özgerýändiginden, ykdysady kuwwatynyň artýandygyndan, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýandygyndan, iň esasy-da, berkarar Watanymyzda ýaşlar hakda bimöçber alada edilýändiginden alamatdyr.

Aýtaç Ataýewa,

Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň

Zähmet, aýdym-saz, şekillendiriş sungaty we bedenterbiýe usuly birleşmesiniň zähmet mugallymy. 

Ýene-de okaň

Sport saglygyň gözbaşy

Mekdebe çenli bilim: geljegiň binýady

Türkmen halk döredijiligi: milli ruhumyzyň çeşmesi

Bitaraplyk-mukaddes gymmatlyk

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady